Liwiýada guralan howa hüjüminde 17 adam ýogaldy
Howa hüjümini guran uçarlaryň kime degişlidigi heniz bilinmeýär
837376
Liwiýanyň gündogarynda ýerleşýän Derne şäherinde guralan howa hüjüminde 17 adam ýogaldy, 30-dan gowrak adam ýaralandy.
Howa hüjümini guran uçarlaryň kime degişlidigi heniz bilinmeýär.
Şäherdäki Al Hureýş hassahanasynyň ýolbaşçylarynyň berýän maglumatyna görä, hüjümlerde 17 adam ýogaldy, 30-dan gowrak adam ýaralandy.
Hassahanada “adatdan daşary ýagdaý” yglan edildi we gan ýetmezçiliginiň başdan geçirilýändigi habar berildi.
Derne Mujahitleri Şura geňeşi 2015-nji ýylda Derne şäherini terror guramasy DAIŞ-den yzyna alypdy.
Derne Halife Hafter güýçleriniň gözegçiligi astynda bolmadyk ýeke-täk şäherdir.
Degişli Habarlar
Owganystanda Syýahatçylara Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DEAŞ Öz Üstüne Aldy
Hüjümde 3-i Ispaniýanyň, 3-i hem Owganystanyň raýaty bolan 6 adam ýogalypdy.