Müsüriň saýlanan ilkinji prezidentiniň ogly 3 ýyl azatlykdam mahrum edildi

Müsürde ýurduň saýlanan ilkinji Prezidenti Muhammed Mursiniň uly ogly Osame Mursi 3 ýyl azatlykdan mahrum edildi

835150
Müsüriň saýlanan ilkinji prezidentiniň ogly 3 ýyl azatlykdam mahrum edildi

Müsüriň howpsyzlyk güýçleri Osame Mursini 2016-njy ýylyň 8-nji dekabrynda göz tussaglygyna alyp ýurduň berk gözegçilik astynda saklanan tussaghanasy hökmünde bilinýän Akrep tussaghanasyna ugradypdy.

Osame Mursi 739 adam bilen birlikde Rabia meýdanynyň boşadylmagy wakasynda ýanynda pyçak götermekde aýyplanýardy.

Müsüriň agdarlan lideri Mursiniň kiçi ogly Abdullah hem agdarlyşykdan soň birnäçe aý göz tussaglygyna saklandy we 2014-nji ýylyň 2-nji iýulynda ýanynda neşe maddasyny göterýändigi sebäpli 1 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi.

Muhammed Mursi Müsürde ilkinji gezek geçirlen prezident saýlawynda prezidentlige saýlanypdy. 2013-nji ýylyň 3-nji iýulynda Müsüriň ýaragly güýçleriniň harby agdarlyşygy netijesinde bolsa wezipesinden çetleşdirlipdi.

 

 

 



Degişli Habarlar