Russiýada giň-gerimli harby türgenleşik geçirildi

Russiýanyň Goranmak ministrligi Russiýanyň Strategik raketa güýçleriniň gatnaşmagynda giň-gerimli harby türgenleşigiň geçirilendigini mälim etdi

835451
Russiýada giň-gerimli harby türgenleşik geçirildi

Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow türgenleşigiň çäginde Russiýanyň döwlet ýolbaşçusu Wladimir Putiniň 4 ballistik raketany uçurandygyny habar berdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň beýanatyna görä düýn goşunyň strategik ýadro güýçleriniň söweşe taýarlyk ýagdaýyny gözden geçirmek bilen bagly türgenleşik geçirildi.

Türgenleşige Russiýanyň Strategik raketa güýçleri, Demirgazyk we Ýuwaş okean flotynyň ýadro ýaragly deňizasty gämileri, strategik we uzak aralykly hüjüm uçarlary gatnaşdy.

Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow harby türgenleşige Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putiniň getnaşandygyny we 4 sany ballistik raketa uçurandygyny habar berdi.

Türgenleşigiň çäginde Tu-160, Tu-95MS we Tu-22M3 uçarlary Kura, Pemboý we Terekta meýdançalaryndaky nyşanalara raketa atdy.

Ýuwaş okean flotyna degişli ýadroly deňizasty gämiler Ohotsk deňizinden Arhangelsk sebitindäki Çiža bazasyndaky bellenen nyşana ballistik raketa, Demirgazyk flota degişli deňizsty gämi bolsa Barents deňizinden Kura meýdançasynda bellenen nyşana ballistik raketa atdy.

Beýleki tarapdan Russiýanyň Strategik raketa güýçleri bolsa Plesetsk kosmos bazasyndan Kura synag meýdançasyna Topol kysymly materigara ballistik raketa uçurdy.



Degişli Habarlar