Russiýadan Katara Goranmak ministri derejesinde ilkinji sapar guralýar

Soýgu şeýlelikde Katara sapar guran Russiýanyň ilkinji Goranmak ministri boldy

834300
Russiýadan Katara Goranmak ministri derejesinde ilkinji sapar guralýar

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Soýgu harby-tehniki taýdan hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekişmek üçin Katara gitdi.

Soýgu şeýlelikde Katara sapar guran Russiýanyň ilkinji Goranmak ministri boldy.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi İgor Konaşenkow “Ministr Soýgu saparynyň çäginde Kataryň Goranmak ministri Halid Bin Muhammed Al Atiýýe bilen harby we harby tehniki hyzmatdaşlyk hakynda pikir alyşar” diýdi.

Beýanata görä, Soýgu Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamad Al Sani tarapyndan hem kabul ediler we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar bilen halkara we sebitara howpsyzlyk meselesi gün tertibine getirler.

Soýgunyň Katara guraýan sapary Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri we Bahreýin bilen birlikde käbir Arap ýurtlary bilen resmi Dohanyň arasynda başdan geçirilýän diplomatik krizisiň dowam edýän döwrüne gabat gelýär.

 



Degişli Habarlar