Russiýa ABŞ-na nota berdi

Russiýa San Fransiskoda Rus konsullygyna degişli arhiwiň resmi Moskwadan habarsyz barlanmagy sebäpli ABŞ-na nota berdi

834999
Russiýa ABŞ-na nota berdi

 

Russiýa San Fransiskoda Rus konsullygyna degişli arhiwiň resmi Moskwadan habarsyz barlanmagy sebäpli ABŞ-na nota berdi.

Russiýanyň daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Maria Zaharowa hepdelik metbugat ýygnagynda Russiýanyň San Fransiskodaky ýapylan konsullygyna degişli arhiwiň Russiýadan habarsyz barlanandygyny nygtady.

Arhiwdäki resminamalaryň hususy firma bilen Waşingtona ugradylandygyny aýdan Zaharowa “Elbetde bu waka sebäpli ABŞ-na nota berdik. Nota ABŞ-nyň Russiýadaky ilçihanasyna gowşuryldy. Bir nusgasy hem Waşingtona ugradyldy” diýdi.

Moskwanyň ABŞ-da 2016-njy ýylda geçirlen prezident saýlawyna goşulandygy hakyndaky garaýyşlar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda dartgynlyga sebäp bolupdy. ABŞ bilen Russiýa iki taraply ýagdaýda diplomatik wekilleriniň sanyny azaldypdy.

Amerikan hökümetiniň talabyna laýyklykda Russiýanyň San Fransiskodaky, Waşingtondaky we Nýu Ýorkdaky konsullyklary ýapylypdy.


Etiketkalar: #Russiýa , #nota bermek , #arhiw

Degişli Habarlar