DAIŞ-iň Anbardaky soňky galasy yzyna alyndy

Yragyň Anbar welaýatyndaky Saad harby bazasynyň gözegçiligini terror guramasy DAIŞ-den yzyna alyndy

834942
DAIŞ-iň Anbardaky soňky galasy yzyna alyndy

Yragyň ýaragly güýçleri Anbar welaýatyndaky Saad harby bazasynyň gözegçiligini terror guramasy DAIŞ-den yzyna aldy.

Yragyň Goranmak ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda “Ýaragly güýçlerimiz H1 bekedini, Al-Wez obasyny, Hüseýniýet we Nadire etrapçalary bilen oba howalyk ylmy barlag merkezini DAIŞ-den yzyna aldy” diýildi.

Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadi şu gün ir ertir DAIŞ-iň Anbardaky soňky galasynyň yzyna alynmagy üçin operasiýanyň başlandygyny habar beripdi.

 



Degişli Habarlar