Hindistanda bir gaplaň elektrik tok bilen öldürildi

Hindistanda 4 adamy iýen gaplaň elektrik tok arkaly öldürildi

827906
Hindistanda bir gaplaň elektrik tok bilen öldürildi

Hindi dilinde Gara diýmegi aňladýan Kala atly gaplaň 2 adamy öldürmeginden we 4 adamy ýaralamagyndan soň tutulypdy.

Gaplaňyň uzak ýere gaçmazlygy üçin boýnuna radio tolkunlar ýaýradýan halka dakylypdy.

Emma gaplaň boýnundaky halka garamzdan ýene-de 2 adamy öldürdi.

Soňky wakalardan soň öldürilmegi barada karara gelen obanyň ýaşaýjylary gaplaňy elektrik tok arkaly öldürdiler.

Hünärmenlere görä gaplaňlar ilkinji gezek adamyň etini iýenlerinden soň, adamyň etine öwrenişýärler we hüjümlerini dowam etdirýärler.

Hindistanda 2014-nji ýylda çap edilen hasabata görä 2226 gaplaňy bilen dünýädäki ähli gaplaňlaryň ýarysy ýaşaýar.

Hindistanda geçen ýyl 3 adamy öldüren bir gaplaň 44 gün dowam eden operasiýa arkaly tutulypdy.



Degişli Habarlar