Amerikanyň Harford şäherinde ýaragly hüjüm guraldy

Hadysada 3 adam ýogaldy

830336
Amerikanyň Harford şäherinde ýaragly hüjüm guraldy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Harford şäherindäki iş ýerleriniň birine guralan hüjümde 3 adam ýogaldy, 2 adam ýaralandy.

Şu gün irden Meriland ştatyndaky iş ýerleriniň birinde ýaragyň sesi eşidildi.

Bir türke degişli bolan iş ýerine garşy guralan hüjümde ýogalan ýa-da ýaralanan adamlaryň arasynda türkler ýok.

Hüjümden gysga wagt soň köp sanda polis wakanyň bolan ýerine geldiler.

Hüjümçiniň gaçandygy barada maglumat alynanyndna soň, golaýdaky mekdepler we iş ýerleri boşaldyldy.

Polisiýa gullugynyň işgärleri hüjümçi 37 ýaşly Radi Prinsi hüjümden birnäçe sagat soň Delawer ştatynda tussag etdiler.

Hüjümçiniň tussag edilmezden ozal Delawer ştatynda ýene-de bir adamyň od açyp ýaralandygy mälim edildi.



Degişli Habarlar