Ukrainaly oppozisionerler Parlamentiň öňünde protest ýörişini geçirýär

Ukrainaly oppozisionerler Parlamentiň öňünde protest ýörişini başlatdy

828972
Ukrainaly oppozisionerler Parlamentiň öňünde protest ýörişini geçirýär

Ukrainanyň raýatlygyndan çykarlan Gürjistanyň ozalky Prezidenti Mihail Saakaşwiliniň Täze güýçler hereketi partiýasy tarapyndan başladylan ýörişe ozalky Premýer ministr Ýuliýa Timoşenkonyň Enewatan partiýasy bilen birlikde beýleki oppozision partiýalar goldaw berýär.

Protest ýörişine gatnaşan Saakaşwili talaplary kabul edilýänçä ýörişleriniň dowam etjekdigini nygtady.

Protestçylar halk deputatlarynyň el degrilmesizliginiň bes edilmegini, saýlaw kanunyna üýtgetme girizilmegini we galplyga garşy göreşde ýörite kaziýetiň açylmagyny isleýär.

Howpsyzlyk güýçleri ýöriş sebäpli şäherde berk howpsyzlyk çäresini gördi we şäher merkezinde käbir ýollary gatnawa ýapdy.

Ýörişe 4500 adam gatnaşýar, 3500 polis gullukçysy hem howpsyzlygy üpjün edýär.

 



Degişli Habarlar