Fransiýa Kataloniýanyň Garaşsyzlygyny ykrar etmejekdigini belledi

Fransiýanyň ÝB işlerinden jogapkär ministri Natali Loýzo Kataloniýanyö birtaraplaýyn garaşsyzlyk yglan etmegi ýagdaýynda bu garaşsyzlygy ykrar etmejekdiklerini mälim etdi

823462
Fransiýa Kataloniýanyň Garaşsyzlygyny ykrar etmejekdigini belledi

CNews kanalynda soraglara jogap beren Natali Loýzo: "Eger garaşsyzlyk deklarasiýasy bolsa, ol birtaraplaýyn ýagdaýda bolar we biz ony ykrar etmeris" diýdi.

Taraplary dialog geçirmäge çagyran Natali Loýzo garaşsyzlyk edilse, onuň ilkinji netijesiniň Kataloniýanyň ÝB-den aýrylmak boljakdygyny belledi.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron hem 1-nji oktýabrdaky referendumdan soň Ispaniýanyň Premýer ministri Mariano Rahoý bilen geçire telefon söhbetdeşliginde Ispaniýanyň konstitutsion jebisligini goldaýandygyny habar beripdi.

 



Degişli Habarlar