Saud Arabystany we Russiýa ençeme ugur boýunça ylalaşyk gazandy

Saud Arabystany Russiýadan döwrebap tehnologiýalara eýe bolan ulgamlaryň satyn alynmagy we ýurtda öndürilmegi babatynda ylalaşyk gazandy

821408
Saud Arabystany we Russiýa ençeme ugur boýunça ylalaşyk gazandy

Saud Arabystanynyň Harby senagat kärhanasy tarapyndan berilen we ýurdyň resmi habarlar gullugy SPA-da çap edilen habarda Saud Arabystanynyň Goranmak ministrligi Russiýanyň goranmak senagatynda öňbaşçy kärhanalaryň biri bolan Rosoboronexport bilen döwrebap goranmak senagaty enjamlarynyň we ýarag ulgamlarynyň satyn alynmagy, bilelikde öndürilmegi we olaryň işleýişiniň öwredilmegi babatynda şertnama baglaşdy.

Habarda ylalaşyga laýyklykda TOS-1A raketa ýaraglary, Kornet-EM raketa ýaraglary, AK-103 hüjüm tüpeňleri, S-400 howa goranyş ulgamlarynyň satyn alynjakdygy mälim edildi.



Degişli Habarlar