Bawariýa hem Garaşsyzlyk isleýär...

Aýralykçy Bawariýa partiýasy Bawariýanyň eýe bolan baýlyklarynyň Germaniýa bilen paýlaşylmagyna garşy bolýar

821885
Bawariýa hem Garaşsyzlyk isleýär...

Germaniýanyň iň baý welaýatlaryndan biri bolan Bawariýada 1946-njy ýyldan bäri barlygyny dowam etdirýän Bawariýa partiýasy Germaniýadan Garaşsyzlyk almak üçin işe girişdi.

Bawariýa partiýasynyň resmi internet saýtyndan berilen beýanatda: “Bawariýanyň garaşsyz bolmagy, Bawariýanyň Federal Germaniýa Respublikasyndan aýrylmagy biziň adaty hukugymyzdyr” diýip bellenen.

Aýralykçy Bawariýa partiýasy Bawariýanyň eýe bolan baýlyklarynyň Germaniýa bilen paýlaşylmagyna garşy bolýar.

Bawariýanyň häzirki wagtda  Kataloniýadaky wakalaryň täsiri astyndadygy habar berildi.

Junge Welt gazedinden Klaudia Wangeriniň habaryna görä aýralykçy Bawariýa partiýasy ýakynda Ýewropa Adalat diwanyna ýüz tutyp, Bawariýa diliniň nemesçeden aýry bir dil bolandygyny tassyklamak üçin talap bildirer.



Degişli Habarlar