Kerkukda Yrak Türkmen frondyna ýaragly hüjüm guraldy

Waka hakynda derňew işiniň gozgaldy

815716
Kerkukda Yrak Türkmen frondyna ýaragly hüjüm guraldy

Kerkuk şäherinde Yrak Türkmen frondynyň Kale  bölümi bilen Türkmen frondynyň çäginde iş alyp barýan Fazyl Antika medeniýet jemgyýetine ýaragly hüjüm guraldy.

Azadi polis merkezinde işleýän Nejdet Windawi şahsyýeti näbelli adamlaryň Türkmen frondynyň Kale  bölümi bilen Türkmen frondynyň çäginde iş alyp barýan Fazyl Antika medeniýet jemgyýetine hüjüm gurandygyny aýtdy.

Windawi hüjümde ölen ýiteniň bolmandygyny emma ady agzalýan binalara zeper ýetirlendigini belledi.

Nejdet Windawi waka hakynda derňew işiniň gozgalandygyny ýatlatdy.

Yragyň Kürt Awtanomiýasynda we Kerkuk şäherinde duşenbe güni geçirlen bikanun referendum sebäpli şäherde köçä çykmak gadagan edilipdi.

 



Degişli Habarlar