Russiýada telefon terrory artýar

Dmitri Peskow wakalary telefon terrory hökmünde häsýetledirdi

810706
Russiýada telefon terrory artýar

Russiýada düýn şahsyýetleri mälim bolmadyk adamlar tarapyndan bombanyň bardygy barada telefon arkaly berilen haýbatlaryň netijesinde ýurdyň 14 şäherinde 100 müň adam howpsyz ýerlere göçürildi.

Gyssagly ýagdaýlar ministrliginiň resmileriniň biri şol sebäpli 152 binanyň boşaldylandygyny we gözegçilik edilendigini habar berdi.

Ýurtda geçen hepdeden bäri berilen şular ýaly maglumatlaryň hiç biri dogry çykmady.

Ýalan maglumatlaryň daşary ýurtlarda terror guramasy DAIŞ bilen arabaglanşygy bolan adamlar tarapyndan berilýändigi mälim edildi.

Hökümetiň metbugat geňeşçisi Dmitri Peskow wakalary telefon terrory hökmünde häsýetledirip, jogapkärleriniň tapylmagy üçin gerek bolan derňew işleriniň başladylandygyny habar berdi.



Degişli Habarlar