Sizinpin Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Hytaýyň Döwlet başlygy Si Sizinpin ABŞ-nyň Prezident Donald Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

809925
Sizinpin Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Hytaýyň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanata görä, iki lider telefon söhbetdeşliginde Trampyň Hytaýa gurajak sapary, iki taraply gatnaşyklar, kiber howpsyzlyk we Koreýa ýarymadasynda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Hytaýyň Döwlet başlygy telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklar bilen kiber howpsyzlyk taýdan edilýän ýokary derejeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmalydygyny aýtdy.

Trampyň üstümizdäki ýylyň dowamynda Hytaýa gurajak saparyna uly ähmiýet berýändiklerini ýatladan Sizinpin iki taraply gatnaşyklaryň güýçlendirilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi.

Sizinpin geçen hepdelerde ABŞ-na ýaramaz täsirini ýetiren İrma tupany sebäpli Trampa gynanç bildiripdi.

 



Degişli Habarlar