ABŞ we Ysraýyl bilelikde raketa goranyş bazasyny gurdy

Ysraýylyň günortasyndaky Negez kölünde gurlan bilelikdäki raketa goranyş bazasy ulanmaga berildi

809603
ABŞ we Ysraýyl bilelikde raketa goranyş bazasyny gurdy

Ysraýylyň “Kanal 2” teleýaýlymynyň habar bermegine görä Ysraýylyň Raketa goranyş serkerdesi general Zwika Haimojiçiň “Amerikaly dostlarymyz bilen ilkinji gezek guran harby raketa goranyş bazamyzy açdyk” diýendigi mälim edildi.

Amerikan baýdaklarynyň bazadaky diňlerde pasyrdamaga başlandygyny aýdan general Haimowiç, bu başlangyjyň bellir bir waka ýa-da potensial howpa garşy gönüden reaksiýa bolmandygyny, tersine 2014-nji ýyldaky Gaza urşundan çykarylan “netijelere” we howpsyzlyk habarnamalaryna laýyklykda geljekde ýüze çykmagy ähtimal howplaryň analizidigini nygtady.

“Daş-töweregimizde alys, ýakyn köp duşmanymyz bar” diýen Haimowiç, ýurdunyň günortasynda gurlan bilelikdäki harby baza barada giňişleýin maglumat bermedi.

ABŞ we Ysraýyl tarapyndan gurlan bilelikdäki raketa goranyş bazasy baradaky habaryň BMG-niň 72-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka baran Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň şu gün geçiren duşuşygyndan ozal berilmegi üns çekiji.


Etiketkalar: #Ysraýyl , #ABŞ , #raketa , #baza , #habarnama , #Gaza

Degişli Habarlar