Frankfurt howa menzilinde gaz howsalasy

Polisiýa gullugynyň işgärleri we ýangyn söndüriji toparlar wakanyň bolan ýerine bardylar

805024
Frankfurt howa menzilinde gaz howsalasy

Germaniýanyň Frankfurt şäherindäki howa menzilinde gözegçilikden geçmek üçin garaşýan ýolagçylaryň üstüne gazyň sepilmegi sebäpli 6 adam bejergi astyna alyndy.

Frankfurt howa menziliniň polisiýa gullugy 6 adama täsir ýetiren waka sebäpli derňew işiniň başladylandygyny we häzirki wagtda adamlaryň janyna howp abandyrjak zadyň ýokdygyny belledi.

Howa menzilinde ölçeme işlerini geçiren resmiler gazyň az derejede bardygyny habar berdiler.

Wakanyň hüjüm sebäpli bolmandygy, gazyň syzmagyndan emele gelendigi mälim edildi.



Degişli Habarlar