DAIŞ-iň lideri Gulmurad Halimow rus howa hüjüminde öldürildi

ABŞ geçen ýyl Halimowyň kellesini getirene 3 million dollarlyk baýrak berjekdigini mälim edipdi

803370
DAIŞ-iň lideri Gulmurad Halimow rus howa hüjüminde öldürildi

Russiýa terror guramasy DAIŞ-iň liderlerindendigi öňe sürülýän Gulmurad Halimowyň rus howa güýçleriniň Siriýanyň Deýr ez Zor şäheriniň golaýynda guran howa hüjüminde öldürlendigini habar berdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýanatda Deýr ez Zor şäheriniň golaýynda terror guramasynyň merkezine guralan howa hüjüminde DAIŞ-iň 4 ýolbaşçysy bilen birlikde 40 terrorçynyň öldürlendigi habar berildi.

Beýanatda howa hüjüminde asly Täjigistanly we ozal Täjigistanyň ýaragly güýçleriniň hatarynda işlän we soň terror guramasy DAIŞ-iň hataryna goşulan guramanyň lideridigi aýdylýan Gulmurad Halimowyň hem öldürlendigi bellenildi.

Beýanatda Halimowyň hüjümde agyr ýaralanandygy we ýogalandygy nygtaldy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy hem geçen ýyl Halimowyň kellesini getirene 3 million dollarlyk baýrak berjekdigini mälim edipdi.

 



Degişli Habarlar