Meý Tramp bilen Demirgazyk Koreýa hakynda pikir alyşdy

Demirgazyk Koreýanyň roketa synaglarynyň diňe sebitiň däl eýsem tutuş dünýäniň parahatçylygyna we howpsyzlygyna wehim salýar

801808
Meý Tramp bilen Demirgazyk Koreýa hakynda pikir alyşdy

 

Britaniýanyň Premýer ministri Teresa Meý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Mesele hakynda berlen beýanatda düýn agşam telefon arkaly söhbetdeşlik geçiren Meý bilen Trampyň Demirgazyk Koreýanyň soňky döwürde guraýan roketa synaglary hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.

Britaniýanyň Premýer ministri Meý Demirgazyk Koreýanyň roketa synaglarynyň diňe sebitiň däl eýsem tutuş dünýäniň parahatçylygyna we howpsyzlygyna wehim salýandygyny aýtdy.

Halkara jemgyýetçiliginiň Demirgazyk Koreýanyň bu meçew beriji hereketlerinden ýüz öwürmegi üçin anyk ýüzlenme bermelidigini aýdan Meý, Demirgazyk Koreýa garşy ykdysady taýdan basyş edilmegi üçin ABŞ we halkara hyzmatdaşlary bilen işleşjekdiklerini belledi.

Teresa Meý bilen Donald Tramp telefon söhbetdeşliginde Demirgazyk Koreýa meselesiniň çözülmeginde Hytaýyň esasy rol oýnap biljekdigini nygtady.

 



Degişli Habarlar