Arakanly musulmanlary daşaýan gaýyk derýada batdy

Harbylardan we budistlerden gaçyp bildiler, emma gaýyklary batdy

799325
Arakanly musulmanlary daşaýan gaýyk derýada batdy

Mýanmanyň Arakan welaýatynda ýurdyň goşunynyň we milletçi budistleriň geçirýän operasiýalaryndan gaçan arakanly musulmanlary daşaýan gaýygyň Naf derýasynda batmagy netijesinde çagalardan we zenanlardan ybarat 19 adam ýogaldy.

Teknaf şäheriniň Içeri işler müdürliginiň resmisi Muhammed Main Uddin Han gaýygyň batmagy netijesinde 10-y çaga we 9-y zenanlardan ybarat jemi 19 adamyň ýogalandygyny, ýogalanlaryň jesetleriniň Bengal aýlagynda tapylandygyny habar berdi.

Uddin Han ýogalanlaryň şahsyýetleriniň enten anyklanmandygyny belledi.

Naf derýasynda sişenbe güni hem arakanly musulmanlary daşaýan gaýygyň batmagy netijesinde 4 adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar