Demirgazyk Koreýa ýene-de bir ballistik raketa synagyny geçirdi

Demirgazyk Koreýa ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň berk duýduryşlaryna we BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň kararlaryna garamazdan ýene-de bir ballistik raketa synagyny geçirdi

798164
Demirgazyk Koreýa ýene-de bir ballistik raketa synagyny geçirdi

Ýaponiýa Demirgazyk Koreýanyň täze ballistik raketa synagyny geçirendigini we raketanyň Ýaponiýanyň üstünden geçendigini mälim etdi.

Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abe mesele bilen baglanşykly beren beýanatynda Demirgazyk Koreýadan atylan ballistik raketanyň Ýaponiýanyň howa giňişliginden geçendigini habar berdi.

Raketanyň hereketine gözegçilik edendiklerini aýdan Abe: “Raketa uçurylanyndan soň Ýaponiýanyň hökümeti raketanyň hereketine ýakyndan gözegçilik etdi we halkyň howpsyzlygy üçin gerek bolan çäreleri gördi. Raketa sebitiň parahatçylygyna we asudalgyna görülmedik derejede howp salýar” diýip belledi.

Şinzo Abe mundan başgada ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen 40 minutlyk telefon arkaly söhbetdeş bolandyklaryny we meseläni ara alyp maslahatlaşandyklaryny nygtady.

Demirgazyk Koreýanyň täze synagdan geçiren ballistik raketasynyň Ýaponiýanyň Hokkaido adasynyň üstünden geçeninden soň 3 aýry bölege bölünendigi we gury ýere takmynan 1000 km uzaklykda Ýuwaş okeanyna gaçandygy mälim edildi.

Raketa synagy bilen baglanşykly Günorta Koreýa tarapyndan berilen beýanatda bolsa ýerli wagt bilen sagat 06:06-da uçurylan raketanyň 550 km beýiklige ýetendigini we jemi 2700 km ýol geçendigi habar berildi.

Yzly-yzyn geçirilen raketa synaglaryndan soň ABŞ, Ýaponiýa we Günorta Koreýa BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň ýygnanmagy üçin çagyryş berdiler.

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi Demirgazyk Koreýanyň soňky geçiren raketa synagyny maslahatlaşmak üçin şu gün ýygnanar.



Degişli Habarlar