Hindistanda täsirli bolan sil apatynda azyndan 250 adam ýogaldy

Hindistanyň gündogaryna öz täsirini ýetiren sil sebäpli azyndan 250 adamyň ýogalandygy habar berildi

793790
Hindistanda täsirli bolan sil apatynda azyndan 250 adam ýogaldy

Ýerli medianyň berýän habarynda ýurdyň gündogaryndaky Bihar welaýatynda bolan sil apatynda we ýeriň süýşmegi netijesinde 400 müň adam öýlerini terk etmäge mejbur galandygy bellendi.

Ýurdyň günbatarynda geçen aý bolan silde bolsa 120-den gowrak adamyň ýogalandygy ýatladyldy.

Günorta-gündogar Aziýada täsirli bolan siliň 13 million adama ýaramaz täsir ýetirendigi çak edilýär.

Hindistanda muson möwsümi sentýabr aýynda tamamlanýar.



Degişli Habarlar