Barselona hüjümçisi öldürildi

Ispaniýanyň Barselona şäherinde geçen hepdäniň penşenbe güni terror guramasy DAIŞ tarapyndan guralan we 14 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen hüjümiň esasy günäkäri Ýunus Ebu Ýakup geçirilen operasiýada öldürildi

794264
Barselona hüjümçisi öldürildi

Ebu Ýakubyň Barselonanyň La Rambala köçesinde pyýadalaryň ýoluna girip, 14 adamyň ýogalmagyna we 120 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümdäki mikroawtobusy ulanan adamdygy habar berildi.

Kataloniýanyň polisiýa gullugy La Ramba köçesinde guralan hüjümiň jogapkäri marokkaly 22 ýaşly Ebu Ýakuby gözleýärdi.

Ýerli media bir zenanyň awtozaprawkada bir adamy Ebu Ýakuba meňzedip polise maglumat berendigini mälim etdi.

Alynan maglumatdan soň Ebu Ýakuba garşy operasiýa geçirildi. Mundan başgada täsirsiz ýagdaýa getirilen hüjümçiniň üstünde partlaýjy doly kemeriň bolandygy, onuň ýasama bolup-bolmandygyny bolsa sapýorlaryň derňeýändigi bellendi.



Degişli Habarlar