“2 müň terrorçynyň Telaferden çykarylmagy gaty kyn”

Yragyň Telafer şäherindäki DAIŞ-e agza 2 müň terrorçynyň şäherden çykarylmagynyň gaty kyndygy aýdylýar

787848
“2 müň terrorçynyň Telaferden çykarylmagy gaty kyn”

ABŞ-nyň ýolbaşçylyk etmegindäki DAIŞ-e garşy hyzmatdaş güýçleriň metbugat geňeşçisi Ryan Dillon Bagdatdan wideo konferensiýasy arkaly ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagona Yrakda we Siriýada terror guramasy DAIŞ-e garşy guralan operasiýalar hakynda maglumat berdi.

Mosulyň DAIŞ-den yzyna alynmagy bilen Yrakda guramanyň elinde diňe birnäçe ýeriň galandygyny aýdan Dillon, “Hyzmatdaş güýçleri Telaferde we töwereklerinde DAIŞ-e agza 2 müň terrorçynyň bardygyny çaklaýar. DAIŞ-i Yrakdaky soňky galalaryndan  birinden kowup çykarmagyň beýle aňsat bolmajakdygy barada pikir edýäris” diýdi.

DAIŞ-den yzyna alynan ýerler hakynda maglumat beren Dillon, Mosuly ýitirmeginden soň Rakka tarap barýan guramanyň uly basyş astyndadygyny we girdeji çeşmeleriniň esasy bölegini ýitirendigini belledi.

Hyzmatdaş güýçleriniň soňky 3 ýylda DAIŞ-e degişli 30 banky bombalandygyny aýdan Dillon, Yragyň hökümetiniň hem şol döwürde DAIŞ-e degişli 90 bankyň global finans ulgamy bilen arabaglanşygyny kesendigini ýatlatdy.

 


Etiketkalar: #Telafer , #DAIŞ , #Yrak , #Pentagon

Degişli Habarlar