Hytaýyň 60 we ondan ýokardaky ýaş toparyna girýän ilaty 230,8 million adama ýetdi

Hytaýyň Raýatlyk işleri ministrligi ýurtda 230,8 milliona barabar 60 ýaş we ondan ýokardaky topara degişli raýatyň bardygyny, şonuň 150,3 millionynyň  65 ýaşdan ýokardakylardan ybaratdygyny habar berdi

783822
Hytaýyň 60 we ondan ýokardaky ýaş toparyna girýän ilaty 230,8 million adama ýetdi

Ministrlikden berilen beýannamada ýurtdaky 140 müň garrylar öýünide ýaşaýan her müň adama 32 ýatak jaýynyň düşýändigi nygtaldy.

Ýurtda 2016-njy ýylyň jemlerine görä 460 müň ýetimiň bardygy nygtalyp, şolardan 88 müň sanysynyň hökümete degişli haýyr-sahawat edaralary tarapyndan seredilýändigi habar berildi.

Ýolbaşçylar geçen ýyl ýurtdaky 19 müň ýetimin Hytaýdaky we daşary ýurtlardaky maşgalalar tarapyndan ogullyga we gyzlyga alynandygyna ünsi çekýär.



Degişli Habarlar