DAIŞ Siriýada her gün 3 müň ýezidi zenana we gyzjagaza zulum edýär

Terror guramasy DAIŞ Siriýada her gün 3 müň ýezidi zenana we gyzjagaza zulum edýär

783651
DAIŞ Siriýada her gün 3 müň ýezidi zenana we gyzjagaza zulum edýär

BMG-nyň Halkara garaşsyz Siriýa ylmy barlag komissiýasyndan berlen beýanatda, DAIŞ-den halas bolmak üçin garaşýan ýezidileriň ýagdaýyna üns çekildi.

3 ýyl ozal ýezidilere garşy hüjüme geçen DAIŞ-iň gyrgynçylygynyň dowam edýändigine üns çekildi.

Beýanatda “Müňlerçe ýezidi erkek dereksiz ýitdi, 3 müň zenan we gyzjagaz bolsa DAIŞ-iň zulumy astynda ýaşaýar” diýildi.

Beýanatda DAIŞ-e garşy göreşýän ähli taraplara guramanyň elindäki ýezidileriň halas edilmegi çagyryşy berildi.

 


Etiketkalar: #ýezidi , #Siriýa , #DAIŞ , #zulum , #zenan , #gyz

Degişli Habarlar