Hytaýyň Amerikanyň Los-Anželes şäherindäki konsullugyna hüjüm guraldy

Hadysada diňe hüjümçi ýogaldy

782310
Hytaýyň Amerikanyň Los-Anželes şäherindäki konsullugyna hüjüm guraldy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Los-Anželes şäherinde ýerleşýän Hytaýyň konsullugynda ýaragly hüjüm guraldy.

Konsullygyň ýapyk bolan sagadynda binanyň içine giren 1 adam ençeme gezek od açanyndan soň, öz janyna kast edip öldi.

Hüjümde bina zeper ýeten hem bolsa hüjümçiniň şahsyýeti entek aýan edilmedi.

Hytaýa esaslanyp habar ýazan käbir habarlar agentlikleri hüjümçiniň 60 ýaş töweregindedigini we aziýalydygyny habar berdiler.

Hytaýyň konsullugy hadysanyň alada sebäp döredendigini belläp, amerikaly resmilerden hüjümiň derňelmegini isledi.

2011-nji ýylda hem şuňa meňzeş bolan wakada asly hytaýly bolan bir adam şol konusllyk binasyna od açandygy üçin tussag edilipdi.



Degişli Habarlar