Demirgazyk Koreýanyň ABŞ-a garşy haýbatlary dowam edýär

Demirgazyk Koreýanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna garşy haýbatlary dowam edýär

781210
Demirgazyk Koreýanyň ABŞ-a garşy haýbatlary dowam edýär

Demirgazyk Koreýanyň Işçi partiýasynyň resmi gazedi Rodong Sinmun: “ABŞ Demirgazy Koreýa garşy duşmançylykly syýasatyny bes edýänçä we dyza çöküp ötünç soraýança çenli resmi Phenýan ýadro we ballistik raketa synaglaryny dowam etdirer” diýip ýazdy.

Rodong Sinmuntda ýurdyň anna güni geçiren soňky ýadro synagy bilen baglanşykly makala ýazyldy.

Makalada: “Hwasong-14 atly materigara ballistik raketanyň ikinji synagynda gazanylan uly üstünlik partiýamyzyň we halkymyzyň rewolýusioner ynanjynyň uly bir görkezijisi boldy. ABŞ-li imperialistler Demirgazyk Koreýa garşy könelen duşmança syýasatyny bes edýänçä we ýurdumyza ýetiren zyýanlary sebäpli dyza çöküp ötünç soraýança çenli hüjüm etmäge taýardyrys” diýilýär.

Günorta Koreýanyň Ýonhap habarlar agentligi Phenýanyň ýadro we ballistik raketa mümkinçiligini görkezip ABŞ-niň Demirgazyk Koreýa syýasatyny üýtgetmäge synanyşýandygyny belläpdi.



Degişli Habarlar