Katar dört ýurdyň teklibini ret etdi

Katar Saud Arabystanynyň, BAE-niň, Müsüriň we Bahreýniň embargolary aýyrmak üçin hödürlän “Şertli dialog” teklibini ret etdi

780782
Katar dört ýurdyň teklibini ret etdi

Kataryň Daşary işler ministri Şeýh Muhammed Bin Abdurrahman As-Sani ýurdyna garşy goýulan embargonyň halkara hukugyň düzgün-kadalaryna bap gelmeýändigini belledi.

Kataryň Al Jazeera habarlar gullugyna beýanat beren As-Sani: “Gabaw astyna alan ýurtlar onuň bikanundygyny kabul etmezligini dowam etdirýärler” diýdi.

Saud Arabbystany, BAE, Müsür we Bahreýiniň Daşary işler ministrleri düýn Bahreýnde jemlenip, Katara garşy ediljek ädimleri ara alyp maslahatlaşypdylar.

Maslahatdan soň beýanat beren Bahreýniň Daşary işler ministri Şeýh Halid Bin Ahmed Al Halife: “Katar bilen dialoga taýardygymyzy bu ýerde bellemek isleýäris” diýip: “Bu Kataryň terrorizme maliýe taýdan goldaw bermegini bes etmek babatyndaky islegliligine, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine garjaşmazlygyna 13 maddalyk talap sanawymyza jogap bermegine baglydyr” diýdi.



Degişli Habarlar