Britaniýada benzin we dizel bilen işleýän ulaglaryň satuwy gadagan ediler

Britaniýada benzin we dizel bilen işleýän ähli täze ulaglaryň satuwy 2040-njy ýyldan başlap gadagan edilmegi meýilleşdirilýär

778395
Britaniýada benzin we dizel bilen işleýän ulaglaryň satuwy gadagan ediler

Times gazediniň berýän habaryna görä Britaniýýanyň paýtagty Londonyň häkimi Sadyk Khan raýatlara dizel bilen işleýän köne ulaglarynyň daşky gurşawy hapalamaýan täze ulaglar bilen çalyşmaklary üçin 3500 paund bermegi teklip etdi.

Hökümediň bu hereket bilen howany arassalamak strategiýasynyň bir bölegi boljakdygy aýdylýan habarda resmi beýanatyň çarşenbe güni beriljekdigi mälim edildi.

Resmi hasabata görä Britaniýada howanyň hapalygy ýylda takmynan 50 müň adamyň ir ýogalmagyna sebäp bolýar, bu bolsa ýurdyň býujetine her ýyl 25,5 milliard paund çykdaja sebäp bolýar.



Degişli Habarlar