Russiýa bilen Ermenistanyň arasynda bilelikdäki goşun topary döredilýär

Rusiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Ermenistan bilen bilelikdäki goşun toparynyň döredilmegini öz düzüminde jemleýän şertnama gol çekdi

778789
Russiýa bilen Ermenistanyň arasynda bilelikdäki goşun topary döredilýär

Kremliň resmi internet saýtynda berilen beýanatda: “Russiýa Federasiýasy we Ermenistan Respublikasynyň arasynda 2016-njy ýylyň 30-njy noýabrynda Moskwada baglaşylan bilelikdäki goşun toparynyň döredilmegi bilen baglanşykly şertnama tassyklandy” diýilýär.

Ozal ylalaşyk Russiýanyň Parlamendiniň ýokarky gatlagy Federasiýa Geňeşi tarapyndan tassyklanypdy.

Kawkaz sebitinde taraplaryň harby howpsyzlygyny üpjün etmek maksadyny öz düzüminde jemleýän ylalaşykda bilelikdäki goşun toparynyň esasy wezipesiniň Russiýa ýa-da Ermenistana guralan ýaragly hüjüme garşy “Bir buýruk, bir pikir we bir meýilnama” görä yzyna serpikdirilmegidigi habar berildi.



Degişli Habarlar