Hytaý-Hindistan serhet dartgynlygy möwjeýär

Hytaý Hindistan serhedinde logistiki goldawyň we türgenleşikleriň depginini güýçlendirer

776230
Hytaý-Hindistan serhet dartgynlygy möwjeýär

Hytaýyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Ju Çien geçiren metbugat ýygnagynda Hindistana serhet bozmalarynyň bes edilmegi üçin çagyryş berdi.

“Dagy titretmež ýeňildir, emma Hytaýyň halk azat edijilik goşunyny titretmek kyndyr” diýen Wu Çien ýurdunyň territorial bitewiligini hem-de milli özygtyýarlylygyny goramak üçin harby güýjüni günsaýyn artdyrýandygyny nygtady.

Wu Çien Hindistanyň hakykatdan daşlaşyp, hyýaly işlere baş goşmaly däldigini nygtap; “Harby güýçlerimiz Hindistan serhedindäki logistiki ukybyny we türgenleşikleriň depginini artdyrmaga gönüger” diýdi.

Resmi Delini “oňyn çemeleşip, ýalňyşlykdan el çekmegi” üçin çagyryş eden Çien, iki ýurduň arasyndaky serhet howpsyzlygyny berkitmek üçin meçew bermeleriň bes edilmelidigini aýtdy.

Resmi Pekin geçen aý Hindistan serhet hüýçleriniň serhedi bozup, Hytaýyň Donglan sebitindäki ýol gurluşygyny bökdändigini öňe sürüpdi.

Hytaýyň Daşary işler ministrligi Hindistany harby güýçlerini serhediň aňyrsyna çekmegi üçin birnäçe gezek duýduryş berendigini emma resmi Deliniň “ýalňyşlykdan el çekmändigini” beýan edipdi.

Hytaý bilen Hindistanyň arasyndaky 3,5 müň kilometrlik serhet zolagynyň esasy bölegi döwletleriň arasynda dartgynlyklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.

Hytaýyň harby hünärmenleri ýüze çykmagy ähtimal çaknyşygyň netijesiniň 1962-nji ýyldaky Hytaý-Hindistan serhet urşundan has agyr bolup biljekdigini öňe sürýär.



Degişli Habarlar