Hytaý bilen Hindistanyň arasynda çaknyşyk boldy

Çaknyşykda 158 hindi esgeriniň ýogalandygy habar berilýär

773097
Hytaý bilen Hindistanyň arasynda çaknyşyk boldy

Hytaýyň Hindistana garşy guran hüjüminde 158 hindi esgeriniň ýogalandygy mälim edildi.

Hytaýly esgerleriň minomýotlar, pulýemýotlar we granatamýotlar bilen guran hjüminde köp sanda hindi esgeriniň ýaralanandygy habar berildi.

Iki ýurdyň esgerleri serhetde ýerleşýän Hindistana degişli Sikkim welaýatynda ýüz-ýüz gelendigi bellenýär.

Hytaý tarapy öz serhetleriniň çägindäki ýol gurluşyk işlerinde Hindistanyň esgerleriniň böwet bolandygyny habar berdi. Hytaýyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Ren Guokiang Sikkim welaýatynyň Hytaýa degişlidigini nygtady.

 



Degişli Habarlar