Eýranda amerikaly içaly tussag edildi

Eýranyň hökümeti tussag edilen amerikan içalynyň 10 ýyl azatlykdan mahrum edilendigini mälim etdi

772115
Eýranda amerikaly içaly tussag edildi

Eýranyň Mizan habarlar agentligi howpsyzlyk güýçleriniň geçiren operasiýasynda Zi Ýu Fang atly asly hytaýly amerikan raýatynyň içalylykdan tussag edilendigini habar berdi.

ABŞ-nyň Prinston uniwersitetinde ylmy işgär bolup işleýän Zi Ýu Fangyň örän gowy parsça gürleşýändigini we Orta Gündogar, Russiýa, Ýewraziýa we Halkara gatnaşyklar ugrunda hünärmendigi bellendi.

Eýranyň Kazyýetiniň metbugat geňeşçisi Hüseýin Ijaby tussag edilen içalanyň 10 ýyl azatlykdan mahrum edilendigini mälim etdi.



Degişli Habarlar