ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň wezipesinden boşadylmagy barada taslama hödürlendi

Taslama Wekiller palatasynda garalar soň bolsa Senatyň garamagyna hödürlener

769730
ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň wezipesinden boşadylmagy barada taslama hödürlendi

Amerikanyň Kaliforniýa ştatynyň wekili Demokrat partiýanyň agzasy Brad Şerman Wekiler palatasyna Russiýanyň 2016-njy ýyldaky saýlawlara goşulyşandygy baradaky derňew işiniň dowamynda adalaty bökdändigi sebäpli ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň wezipeden boşadylmagyny talap edýän jenaýat esaslanmasyny hödürledi.

Şerman wezipeden boşatmak baradaky talabynda Trampyň prezident saýlawynda Russiýa bilen gizlinlikde ylalaşandygy baradaky aýyplawnamalar derňelýärkä Federal barlag guramasynyň ozalky müdiri Jeýms Komeýi duýdansyz wezipeden boşatmagynyň adalaty bökdän uly jenaýat bolandygyny öňe sürdi.

Komeýiň Trampyň özünden ozalky Milli howpsyzlyk geňeşçisi Mişel Flaýn baradaky derňew işini ýatyrmagyny talap edendigi baradaky habarlary ýatladan Şerman; “Bularyň ählisinde Donald Tramp prezident hökmünde wezipesiniň tersine konstitutsion hökümeti dargadyjy, kanunyň we adalatyň beýik maksadyna ynamsyz hem-de Amerikan halkyny ynjydyjy çemeleşdi. Şol sebäpli Donald Tramp günäli tapylmaga, jenaýat işine çekilmegä we wezipeden boşadylmaga mynasyp” diýdi.

Onuň Kongresde kabul edilmegi mümkin däl ýaly görünýän hem bolsa, Tramp barada resmi taslama hökmünde bellige alynandygy sebäpli möhüm başlangyç bolup durýandygy nygtalýar.

Tramp barada ilkinji gezek şeýle talapnama resmi taýdan Kongrese hödürlendi, Kongresdäki Demokratlar ýüz tutma seresaply çemeleşýär.

Emma Ak Tam berk reaksiýa görkezdi.

Ak Tamyň metbugat sekretary Sarah Hakabi Sanders “Onuň sözüň doly manysynda dolulygyna gülkünç we syýasy oýunyň iň gelşiksiz görnüşini emele getirýän başlangyjydygyny pikir edýärin” diýdi.

Brad Şermanyň Trampyň wezipeden boşadylmagy baradaky talabyny häzirki wagta çenli diňe Demokrat partiýanyň Tehas ştatynyň wekili Al Griin goldady.

Şermanyň talaby entek sese goýulmaga hödürlenmedi, emma sese goýulan halatynda Respublikaçylar tarapyndan ýeňillik bilen ret ediljekdigi nygtalýar.

 



Degişli Habarlar