Katar krizisi Müsürde ara alnyp maslahatlaşyldy

Katar bilen käbir arap ýurtlarynyň arasynda dowam edýän krizis Müsüriň paýtagty Kairde ara alnyp maslahatlaşyldy

765686
Katar krizisi Müsürde ara alnyp maslahatlaşyldy

Saud Arabystanynyň, Müsüriň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Bahreýiniň Daşary işler ministrleri Katar bilen ediljek gatnaşyklar meselesine garalan maslahatdan soň Arap ligasynyň merkezi jaýynda metbugata beýanat berdi.

Maslahatda Katara ykdysady we syýasy taýdan goýlan çäklendirmeleriň dowam etjekdigine, resmi Dohanyň 4 ýurduň 13 maddalyk talabyny kabul etmezligine gynanç bildirlendigine üns çekildi.

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Adil Al Jubeýr “Katara syýasy we ykdysady taýdan goýlan embargolar dowam eder. Amatly pursatda halkara kanunlaryň çäginde goşmaça çäre göreris” diýdi.

Kataryň käbir arap ýurtlarynyň içeri işlerine goşulşandygy sebäpli embargo goýlandygy öňe sürüldi.

 



Degişli Habarlar