Indoneziýa paýtagtyny üýtgetmegi meýilleşdirýär

Dünýäniň iň uly adam ýurdy bolan Indoneziýa 2 ýylyň içinde paýtagtyny üýtgetmegi meýilleşdirýär

765341
Indoneziýa paýtagtyny üýtgetmegi meýilleşdirýär

Häzirki paýtagty bolan Jakarta şäheri bolsa maliýe we iş merkezi hökmünde galar.

Täze paýtagtyň bolsa nire boljakdygy entek belli däl.

Indoneziýanyň Prezidenti Joko Widodo Prezident köşgünde paýtagtyň başga ýere göçürilmegi bilen baglanşykly maslahat geçirdi.

Indoneziýanyň Milli galkynyş we planlama ministri Bambang Brodjonegoro maslahatda barlag-seljeriş işleriniň şu ýylyň ahyryna çenli tamamlanmagynyň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Ministr Bambang Brodjonegoro täze paýtagtyň Jakartanyň ýerleşýän adasy bolan Ýawa adasyndan bolmajakdygyny belledi.

 



Degişli Habarlar