Demirgazyk Koreýanyň geçiren uzak menzilli balistiki roketa synagy ara alnyp maslahatlaşyldy

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň we Günorta Koreýanyň çagyryşyna laýyklykda gyssagly jemlenişdi

765620
Demirgazyk Koreýanyň geçiren uzak menzilli balistiki roketa synagy ara alnyp maslahatlaşyldy

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň adatdan daşary ýagdaýda geçirlen oturlyşygynda Demirgazyk Koreýanyň geçiren uzak menzilli kontinentara balistiki roketa synagy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

ABŞ-nyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Nikki Haleý Howpsyzlyk geňeşinde eden çykyşynda Demirgazyk Koreýanyň ýadro synagynyň dünýäni has howply ýagdaýa getirendigini aýtdy.

Haleý şol howpa garşy diplomatik we ykdysady embargolar bilen göreşmäge dowam etjekdiklerini nygtady.

Haleý “Mejbur bolmadykça çaknyşyk islemeýäris”diýdi.

ABŞ-nyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili öňümizdäki günlerde Howpsyzlyk geňeşine täze karar taslamasyny hödürlejekdiklerini we agza ýurtlaryň taslama goldaw bermeklerine garaşýandyklaryny nygtady we “Jebislikde hereket eden halatymyzda betbagtçylygyň öňüni alyp bileris” diýdi.

Fransiýa bilen Britaniýa taslama goldaw berjekdiklerini mälim etdi.

Russiýa bolsa birlikde harby türgenleşigiň geçirilmezligi üçin çagyryş berdi we taslama goldaw bermejekdiklerini aýan etdi.

 

 

 



Degişli Habarlar