Tramp Katar meselesi boýunça söhbetdeşlikler geçirdi

Bu barasynda Ak Tamdan berilen beýannamada aýdylýar

763128
Tramp Katar meselesi boýunça söhbetdeşlikler geçirdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Katar meselesi boýunça Saud Arabystanynyň Şasy Selman Bin Abdulaziz, Kataryň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Sani we Birleşen Arap Emirlikleriniň mirasdüşer şazadasy Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ak Tam Trampyň Pars aýlagy sebitinde ýerleşýän ýurtlaryň liderleri bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşlikler barada ýazmaça beýannama çap etdi.

Beýannamada Trampyň Katar bilen käbir arap ýurtlarynyň arasynda dowam edýän düşnüşmezlik barada aladalaryny beýan edendigi nygtaldy.

Trampyň terrorizmiň maliýeleşdirilmeginiň bes edilmegi we ektremist ideologiýanyň ygtybarsyzlaşdyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekendigi barada nygtalýan beýannamada; “Prezident Riýad maslahatynda beýan edilen “terroryň ýok edilmegi” we “sebitleýin durnuklylygyň ýaýbaňlandyrylmagy” baradaky maksatlara ýetilmegi üçin sebitdäki jebisligiň möhümdigini nygtady” diýilýär.

Beýannamada Trampyň bu tapdyrdaky maksadynyň “terrorizmiň maliýeleşdirilmeginiň bes edilmeginden” ybaratdygy bellenilýär.

ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň Hytaýyň döwlet Başlygy Si Szinpin we Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abe bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlikler geçirip, “Demirgazyk Koreýanyň emele getirýan howplary” barada pikir alyşandygy habar berildi.

Ak Tam Tramp bilen Szinpiniň we Abeniň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşlikleri barada-da beýannama çap etdi.

Beýannamada Trampyň “Demirgazyk Koreýanyň emele getirýän ýadro we ballistiki roketa howpy” baradaky aladalaryny beýan edendigi, iki lideriň Koreý ýarym adasynyň ýadro ýaraglaryndan saplanmagynyň ähmiýetine ünsi çekendikleri nygtalýar.

Trampyň ähli söwda hyzmatdaşlary bilen has deňagramly gatnaşyk açmak meselesindäki ygralylygyny beýan edendigi barada aýdylýan beýannamada, iki lideriň Germaniýanyň Gamburg şäherinde geçiriljek G20-niň maslahatynda duşuşjakdyklaryna üns çekilýär.

Abe bilen hem telefon arkaly söhbetdeş bolan Trampyň Demirgazyk Koreýanyň sebitde emele getirýän howpa ünsi çekendigi we ABŞ bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli howplara garşy taýarlyklydygyny beýan edendigi halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirildi.

 



Degişli Habarlar