“Katar özüni goramaga taýar”

Kataryň Goranmak ministri Halid Al Atiýýe “ýurdunyň zerur halatynda özüni goramaga taýardygyny” nygtady

763182
“Katar özüni goramaga taýar”

Hepdäniň ahyrynda Stambulda Prezident R. T. Erdogan bilen duşuşan Katarly ministr Ský Nýus kanalyna beýanat berdi.

 Al Atiýýe “ Dartgynlygyň parahatçylykly ýollardan çözülmegini isleýäris, emma biz hemişe ýurdumyzy goramaga taýardyrys” diýdi.

“Katar taryhyň dowamynda ähli taraplaýyn özüni subut etdi” diýen Atiýýe, Saud Arabystanynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Bahreýiniň we Müsürüň talaplarynyň ýurduň özbaşdaklygyna garşy guralan hüjüm manysyny aňladýandygyny ýatlatdy.

Katarly ministr ýurdunyň “terrora goldaw bermek we iki ýüzli çemeleşmek bilen” aýyplanylýandygyny emma bu aýyplamalary kabul etmeýändiklerini aýtdy.

 

 



Degişli Habarlar