Fransiýada musulmanlara hüjüm guralmak islendi...

Fransiýadaky Yslamafobiýa garşy göreş merkezine görä ýurtdaky musulmanlara garşy hüjümler soňky ýyllardan barha artýar

761752
Fransiýada musulmanlara hüjüm guralmak islendi...

Fransiýanyň paýtagty Parižiň Kreteil diýilen ýerinde sürüjileriň biri ulagyny metjitden çykan adamlaryň üstüne sürdi.

Metjidiň öňündäki barýerleriň saýasynda hadysada ýaralanan adam bolmady.

Barýerleri aşyp bilmendigi üçin wakanyň bolan ýerinden gaçan hüjümçi, öýünde tussag edildi.

Fransiýanyň Le Parisien gazedi hüjümçiniň soňky 1 ýylda Parižde onlarça adamyň ýogalmagyna sebäp bolan terror guramasy DAIŞ bilen arabaglanşygy bolan hüjümlerden ar almak isländigini öňe sürdi.

BFM kanaly bolsa polis gullugyna salgylanyp beren habarynda hüjümçiniň asly ermenidigini, 40 ýaş töweregindedigini we ozal hem dürli-dürli jenaýatlar sebäpli kazyýet işleriniň gozgalandygyny belledi.

Fransiýadaky Yslamafobiýa garşy göreş merkezine görä ýurtdaky musulmanlara garşy hüjümler soňky ýyllardan barha artýar.



Degişli Habarlar