Mosulyň gündogarynda DAIŞ tarapyndan şol bir ýere iki hüjüm guraldy

Hüjümde 8 adam ýogaldy

759490
Mosulyň gündogarynda  DAIŞ tarapyndan şol bir ýere iki hüjüm guraldy

Yragyň Mosul şäheriniň gündogarynda terror guramasy DAIŞ tarapyndan şol bir ýere guralan iki hüjümde 8 adam ýogaldy.

Yragyň Goranmak ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda şäheriň gündogarynda Musenna bazaryna girmäge sinanşan iki adamyň bedenindäki bombalary ýarandygy sebäpli 8 adamyň ýogaldygy,19 adamyň hem ýaralanandygy bellenildi.

Yragyň ýaragly güýçlerinden Jabar Hasan hem terrorçylaryň şäheriň günbataryndan gündogaryna geçmeginiň öňüni almak üçin Tigr derýasynyň kenarynda berk howpsyzlyk çäreleriniň görlendigini aýtdy.

Mosul şäheriniň günbatarynda Yragyň ýaragly güýçleri bilen terror guramasynyň arasyndaky köçe çaknyşyklary “Eskişehir” etrapçasynda henizem dowam edýär.

 



Degişli Habarlar