Somali Katar bilen gatnaşyklarynyň dowam edýändigini mälim etdi

Katara ýardam elini uzadan ýurtlaryň hataryna Marokko hem goşuldy

752304
Somali Katar bilen gatnaşyklarynyň dowam edýändigini mälim etdi

Somali Birleşen Arap Emirlikleriniň we Saud Arabystanynyň Katar bilen diplomatik gatnaşyklaryny bes etmegi hakyndaky talabyny kabul etmedi.

Somali Katar bilen gatnaşyklarynyň dowam edýändigini mälim etdi.

Katara ýardam elini uzadan ýurtlaryň hataryna Marokko hem goşuldy.

Marokkonyň Şasy Muhammed 6-njy Katara howa ýoly bilen azyk kömeginiň ugradylmagy üçin görkezme berdi.

Beýleki tarapdan Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Adil Al Jübeýr Waşingtonda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillerson bilen duşuşdy.

Jübeýr duşuşykdan soň beren beýanatynda “Katary gabaw astyna almadyk. Kataryň portlary, howa menzilleri açyk. Biz diňe öz howa giňişligimizi katarly firmalar üçin ýapdyk. Beýlekiler ulanyp biler. Bu gabaw däldir. Zerur halatynda Katara azyk we medisina kömegini bermäge taýardyrys” diýdi.

 



Degişli Habarlar