Puerto-Riko Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 51-nji ştaty bolarmy?

Beýleki tarapdan bolsa ýurdyň ABŞ-nyň düzümine goşulyp-goşulmajakdygy bilen bagly soňky karary Amerikan Kongresi berer

750865
Puerto-Riko Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 51-nji ştaty bolarmy?

ABŞ-na degişli Puerto-Riko Awtonom Respublikasynda ýekşenbe güni ýurdyň syýasy geljegi üçin ses berildi.

Gatnaşyk 23 göterim bolan saýlawda saýlawçylaryň 97 göterimi ABŞ-nyň ştaty bolmagy üçin ses berdi.

Ykdysady krizis başdan geçirilýän ýurtda saýlawçylaryň galan bölegi bolsa doly garaşsyzlyk ýa-da bar bolan statusyň dowam etmegi üçin ses berdi.

Beýleki tarapdan bolsa ýurdyň ABŞ-nyň düzümine goşulyp-goşulmajakdygy bilen bagly soňky karary Amerikan Kongresi berer.

Hünärmenler aglabasy Respublikançylar bolan Kongresiň umuman demokratlara goldaw berýän Puerto-Rikony täze ştat hökmünde kabul etmejekdigini çak edýärler.



Degişli Habarlar