Russiýa ABŞ-nyň günäkärlemelerini kabul etmeýär

Peskow Russiýanyň ABŞ-nyň prezident saýlawlaryna goşulyşandygy baradaky habarlaryň hakykaty beýan etmeýändigini aýtdy

747216
Russiýa ABŞ-nyň günäkärlemelerini kabul etmeýär

Russiýanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Dmitri Peskow rus howpsyzlyk gullugynyň ABŞ-da 8-nji noýabrda geçirilen prezident saýlawlaryna goşulyşandygy we saýlaw ulgamyny heklemäge synanşandygy baradaky habarlaryň nädogrydygyny aýtdy.

Peskow; “Bu ýalňş habardan daşgary olaryň dogrudygy barada ýeke-täk maglumata ýa-da argumente gabat gelmedik” diýdi.

Peskow şeýle zadyň bolma ähtimallygyny çürt-kesik kabul etmeýändiklerini hem nygtady.

ABŞ-nyň howpsyzlyk gullugy “İntersept” duşenbe güni Russiýanyň oktýabr-noýabr aýlarynda saýlaw ulgamynyň maksatnamasyny düzen firma kiber hüjüm gurandygyny, salawçylaryň bellige alynýan ulgamyna girmäge synanşandygy we ýurduň saýlaw boýunça resmi adamlaryna zyýanly elektron poçtalar ugradandygyny beýan edýan habarnama çap etdi.

Habarnamada guralandygy öňe sürülýän hüjümleriň saýlawyň netijelerine täsir ýetirip-ýetirmandigi barada maglumat berilmeýär.

Russiýanyň şol usul bilen Demokrat partiýanyň dalaşgäri Hillari Klintony ygtybarsyzlaşdyryp, Respublikaçy partiýanyň dalaşgari Donald Trampa kömek etmäge synanşandygy öňe sürülýar.



Degişli Habarlar