Moskwada gurlan Remezan çadyrynda “Türkiýe agşamy” ady bilen agzaçar berildi

Russiýanyň paýtagty Moskwada gurlan Remezan çadyrynda “Türkiýe agşamy” ady bilen agzaçar berildi

746421
Moskwada gurlan Remezan çadyrynda “Türkiýe agşamy” ady bilen agzaçar berildi

Ýeňiş seýilgähinde gurlan Remezan çadyrynda berlen agzaçara Türkiýäniň Russiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Hüseýin Diriöz, Russiýanyň Müftüler geňeşiniň başlygynyň orunbasary Rüşen Abbasow bilen iki ýurtdan köp sanly adam gatnaşdy.

Moskwanyň Müftüligi we Türkiýäniň ilçihanasy tarapyndan berlen agzaçar Gurhanyň okalmagy bilen başlady.

Türkiýäniň Russiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Hüseýin Diriöz agzaçarda sözlän sözünde “Mübärek Remezan aýy mynasibetli geçirilýän şuňa meňzeş çäreleriň Türkiýeli we Russiýaly musulmanlaryň arasyndaky taryhy ynanç we köňül baglarynyň has-da güýçlenmegine itergi berjekdigine ynanýaryn” diýdi.

Russiýa musulmanlarynyň Din işleri edarasy tarapyndan gurlan çadyrda günde ortaça 1200 adama agzaçar berilýär.

 



Degişli Habarlar