Pars aýlagynda uly dartgynlyk…

Saud Arabystany, Müsür, Birleşen Arap Emirlikleri we Bahreýin Katar bilen ähli diplomatik gatnaşyklaryny kesdi

745626
Pars aýlagynda uly dartgynlyk…

Ýokaryda ady agzalýan 4 ýurt Katar bilen deňiz we howa serhetlerini hem ýapdy.

Beýleki tarapdan Kataryň Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygynda Ýemende Husilere garşy döredilen Halkara hyzmatdaşlykdaky wezipesiniň gutarandygy nygtaldy.

Kataryň resmi habarlar gullugy QNA 23-nji maý gijesi Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamad Al Sanini “ ABŞ-na garşy we Eýrana goldaw berýän” beýanat berendigini öňe sürüpdi.

Mesele hakynda birnäçe sagat soň Kataryň hökümetiniň adyndan beýanat beren Şyh Seýf Bin Ahmed Al Sani QNA saýtynyň kiber hüjüme sezewar bolandygyny mälim etdi.

Kataryň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda hem QNA-nyň kiber hüjüme sezewar bolandygy we Emiriň adyndan berlen beýanatyň hakykyty beýan etmeýändigine üns çekildi.

Katardan berlen beýanatlara garamazdan Birleşen Arap Emirlikleriniň we Saud Arabystanynyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Al Saniniň beýanaty hakyndaky habarlara giňişleýin ýer berildi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillerson bolsa taraplara dialog çagyryşyny berdi.

Tillerson Pars Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň öz işini dowam etdirmelidigini nygtady.

Bahreýin Saud Arabystany bilen Birleşen Arap Emirlikleri 2014-nji ýylda hem Katary içeri işlerine goşulyşandygy sebäpli diplomatik gatnaşyklaryny kesipdi.

 

 



Degişli Habarlar