G7 maslahaty Italiýada başlady

G7-ä agza ýurtlaryň liderleriniň maslahaty Italiýanyň Taormina etrapçasynda öz işine başlady

740136
G7 maslahaty Italiýada başlady

ABŞ, Germaniýa, Britaniýa, Ýaponiýa, Fransiýa, Kanada we Italiýadan ybarat G7-niň we ÝB liderleriniň 43-nji G7 Liderler maslahaty Taorminada başlady.

G7-niň liderleri şu gün boljak ilkinji oturlyşykda daşary syýasat we howpsyzlyk meselelerini ele alarlar. Britaniýanyň Mançester şäherinde şu hepdäniň başynda guralan terrorçylykly hüjümiň çäginde DAIŞ başda bolmak bilen terrora garşy göreş beýleki howpsyzlyk meseleleri ele alynar.

Demirgazyk Koreýanyň soňky wagtlarda artan ballistik raketa synaglary, Orta Gündogarda bolup geçýän wakalar, bosgun krizis, Russiýanyň Siriýadaky we Ukrainadaky hereketleriniň hem maslahatda ele alynmagyna garaşylýar.

 



Degişli Habarlar