Eýranyň hökümetinden Donalda Trampa jogap...

Eýranyň hökümetiniň metbugat sekretary Muhammed Bakyr Newbaht ýurdunyň raketa programasyndan ýüz öwürmejekdigini belledi

738327
Eýranyň hökümetinden Donalda Trampa jogap...

Eýranyň resmi agentligi IRNA tarapyndan berileýän habara görä Newbaht mejlis ýygnagyndan soň geçirilen metbugat ýygnagynda goranyş syýasatynyň Eýranyň milli bähbididigini belläp: “Şol sebäp bilen raketa goranyş programasynyň ýurdumyzyň üýtgemejek syýasy ugurlaryndan biri bolmagy tebigy zat” diýdi.

Raketa goranyş programasy bilen baglanşykly harajatlar üçin şu ýylky býujetden pul serişdesiniň aýrylandygyny ýatladan Newbaht raketa ulgamy meselesiniň ýadro ylalaşygynyň bir bölegi däldigini nygtady.

Eýranyň hökümeti raketa programasynyň goranyş maksatlydygyny belläp, BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň hemişelik 5 agzasy bilen Germaniýadan ybarat P5+1 ýurtlar bilen 2015-ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygynyň çägine degişli däldigini öňe sürýär.

Saud Arabystanynyň Şasy Selman Bin Abdulaziz geçen hepdäniň ahyrynda “ABŞ-Arap we Yslam ýurtlary maslahatynda” eden çykyşynda başda ballistik raketa taslamasy bolmak bilen Eýranyň edýän hereketleriniň aladalandyryjydygyny belläpdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bolsa duşenbe güni Ysraýyla guran resmi saparynda: “Eýranyň ýadro ýarag edinmegine rugsat berilmeli däldir. Eýran sebitdäki ganhor terror guramalaryna berýän maddy goldawyny we harby tälimini iň gysga wagtda duruzmalydyr” diýipdi.



Degişli Habarlar