Ysraýyly ministri Asadyň janyna kast edilmegi çagyryşyny berdi

Ysraýylyň Gurluşyk ministri Ýoaw Galant Siriýanyň Prezidenti Başar Asadyň janyna kast edilmegi çagyryşyny berdi

734282
Ysraýyly ministri Asadyň janyna kast edilmegi çagyryşyny berdi

İýerusalymda metbugata beýanat beren we ABŞ-nyň Siriýanyň hökümetini ynsanlary gyrgyna berenden soň jesetlerini ýakmak bilen günäkärleýän beýanatyny nazarda tutan Galant Asady gyrgynçylyk etmekde günäkärledi.

Ysraýylly ministr “Ol ähli kadalary basgylaýar we meniň pikirime görä Asadyň janyna kast etmegiň wagty geldi we bu ýönekeý mesele” diýdi.

Asadyň öldürilmegini “ýylynyň guýrugynyň kesilmegine meňzeden Galant Eýrany hem “ýylanyň başy” hökmünde häsiýetlendirdi.

 



Degişli Habarlar